Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda asuda, abadan durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmek, sporty ösdürmek maksady bilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Saglyk — bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy. Şonuň üçinem watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende sagdyn ruh», «Jany sagyň — göwni çag» ýaly pähimlere eýerip, sagdyn durmuşda ýaşamaga ymtylýarlar. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.
Jemgyýetdäki gatnaşyklarda adamlaryň aň-düşünjesi näçe giň, ahlak ýörelgeleri arassa, ynam-ygtykatlary sagdyn boldugyça, olaryň jemgyýetde hukuk gatnaşyklary kämil bolýar. Şu nukdaýnazardan, birek-birege sylag-hormat goýmak, agzybirlik, adalatlylyk, dogruçyllyk, lebze wepalylyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär.
Garaşsyz ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredilip, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, ynsan saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ýaş nesilleriň häzirki we geljekgi bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň, ylymly-bilimli, sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Orazgül ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.