SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykdaky çykyşlarda bellenişi ýaly, ýurdumyzda ýokary derejeli sport we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygyna uly ähmiýete eýe. Soňky ýyllarda türkmen sportynyň dünýä arenasyndaky abraýy barha artýar. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak — hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman kärhanalarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriň, sport mekdepleriniň giden bir tapgyrynyň, uly-uly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn nygtalmaly zatlardyr. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Çünki saglyk – güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň we abadan durmuşyň çeşmesidir.

       Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Nurmuhammet DÖWLETOW,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar