ATYM BAR – GANATYM BAR

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewleriniň şan-şöhraty has-da artýar. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda şeýle belleýär: «Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr». Alym Arkadagymyzyň bu çuňňur mazmunly setirleri merdana türkmen halkynyň durmuşynda behişdi bedewleriň ornunyň ýokarydygyny äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri baradaky gymmatly eserleri behişdi bedewlerimiziň taryhyny, olaryň gözellik aýratynlyklaryny we özboluşly häsiýetlerini çuňňur öwrenmekde biziň her birimize ýol görkeziji bolup durýar.

      Merdana pederlerimiz ahalteke bedewlerine ýönekeý adaty jandar hökmünde däl-de, eýsem maşgalanyň agzasy, wepadar dosty hökmünde seredipdirler. Çünki, türkmen halkynyň geçmişdäki şöhratly, gahrymançylykly ýoly jandan eý görýän bedewi, onuň wepalylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, bedew atlarymyz agyr söweşlerde, her bir kyn pursatda ynsan kimin duýup, eýesine ýaran bolupdyrlar. Ine, şu aýratynlyklary üçinem türkmen öz bedewini özüne dost, syrdaş saýypdyr. Gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şol jebislik, mähribanlyk, ysnyşyk hiç wagt gowşaman, gaýtam has berkäp, biziň häzirki günlerimize gelip ýetipdir.

      Halkymyz bedew aty rowaçlygyň nyşany hökmünde milli gymmatlygy, baýlygy saýýar. Ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimiz barada “At – myrat”, “Atym bar – ganatym bar”, “Säher turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “At ýigidiň myrady” ýaly pähim – parasada ýugrulan nakyldyr aýtgylaryny bize miras galdyrypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gamyşgulak bedewlerimiz has hem alada, mähir, söýgi bilen gurşalyp alyndy. Aýlawlary baglan, ýedi yklyma at-owazasy ýaýylan türkmen bedewleriniň waspy, şöhraty bu gün dillerde dessan. Döwlet tugramyzyň merkezinde orun alan, türkmen halkynyň milli buýsanjy, göz-guwanjy we şan-şöhraty saýylýan ahalteke bedewi ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ösüşiň hem-de rowaçlygyň esasy alamatydyr.

      Milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Aýnagözel ANNANUROWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.

Meňzeş habarlar