GAHRYMANLARA BAKY ŞAN-ŞÖHRAT BOLSUN!

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan gadymy taryhy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmek, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylýar.

      Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky içerki goşunlaryň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümiň medeniýet öýünde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlara baky şan-şöhrat bolsun!» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirdi.

      Çäräniň dowamynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş şeýle hem, ýaşlarda mertlik, watansöýüjilik duýgularyny kemala getirmek, ata-babalarymyzyň şöhratly söweş ýollary barada täsirli gürrüňler berildi. Çykyşlarda türkmenistanly edermen, batyr esgerleriň watançylyk urşunyň frontlarynda hereket eden goşunyň dürli düzümlerinde gulluk edip, bu günki nesillere guwanarlyk görelde bolup, şöhratly söweş ýoluny geçendikleri, Moskwanyň eteginde, Belarussiýada, Ukrainada, Stalingradda, Leningradda, Orýolda, Dnepr derýasyndan geçilende görkezilen gahrymançylyklaryň Beýik Watançylyk urşunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygy, 87-nji atçylyk türkmen brigadasynyň, 97-nji atly türkmen dwiziýasynyň, 88-nji atçylyk türkmen brigadasynyň esgerleriniň bitiren gahrymançylyklarynyň türkmen halkymyzyň hakykatynda hemişelik ýaşaýandygy dogrusynda giňişleýin beýan edildi.

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar