SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň işgärleri we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen söhbetdeşlik duşuşygyndaky çykyşlarda akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, çuňňur öwrenmekde, has-da kämilleşdirip täze derejelere götermekde ýurdumyzda uly işleriň alnyp barylýandygy,.şahyryň ajaýyp goşgularynyň dünýäniň ençeme dillerinde terjime edilmeginiň. dünýäniň okyjylarynyň ünsüni özüne çekýändigi dogrusynda buýsançly bellediler. Çykyşlaryň her birinde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligini dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Orazgül ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Geňeşiniň Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar