Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda Beýik Ýeňişiň 79 ýyllygy mynasybetli «Halk Hakydasy» ýadygärlikler toplumyna Geňeşiň çäginde ýerleşýän ýörite orta hünär mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda gezelenç duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, şöhratly taryhymyza, merdana pederlerimize buýsanç duýgularyny terbiýelemek maksady bilen gurnalan bu gezelenç çäresi talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Adamzadyň taryhynda iň bir pajygaly urşda, 1941-1945-nji ýyllarda edermen esgerlerimiziň gazanan üstünliklerine, urşuň yzynda galan ene-mamalarymyzyň çeken zähmetine degişli eksponatlaryň üsti bilen talyp ýaşlaryň geçmişimize, edermen pederlerimize bolan buýsançlary has-da artdy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýetini düşündirmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimize gezelençleri guramak bilen bagly alnyp barylýan işleriň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir.
Bibigözel AÝYMOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.