18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni. Bu baýram türkmen halkynyň Watan erkinligi hakyndaky köp asyrlyk arzuwlary bilen häzirki döwürde gazanan üstünliklerimiziň we öňde duran beýik maksatlarymyzyň sazlaşygyny alamatlandyrýar. Döwlet baýdagynyň astynda beýik ösüşlerimiz aýratyn mana eýe boldy. Bu bolsa mähriban Watana wepaly gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, milli gymmatlyklara sarpa goýmagyň beýik nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyny bagtyýarlyga besleýändigini aýdyň beýan edýär. Döwlet baýdagynyň we Esasy Kanunymyzyň belent sarpasyny görkezýän bu baýramy giň gerimde we agzybirlikde bellemek bilen, biz jemgyýetde beýik watansöýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrýarys.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, berkararlygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyz milli buýsanjymyzdyr.
Ýurdumyzyň ynsanperwerlik syýasatyny alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda belentde parlaýar.
Döwlet nyşanlarymyz milli ýörelgeleri we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Ol türkmen halkynyň nurana geljeginiň aýdyň nusgasyny alamatlandyrýar. Täze taryhy eýýamda mukaddes nyşanlar hakyndaky düşünje has-da giňedi.
Milli nyşanlarymyz ugur görkeziji ýyldyzlar deýin ýolumyzy ýagtylandyrýar we anyk ugurlary, beýik maksatlara tarap hereketimiziň ýollaryny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar halkymyz Döwlet baýdagymyzy belentde tutup, mäkäm jebisleşip, yhlasly we döredijilikli zähmet çekýär, eziz Diýarymyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşýar.
Enejan DOLAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.