BIZ, ARKADAGLY SERDARLY WATANYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edilmegi mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» medeni dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda çärä geçirildi.

     Çäräniň başynda oňa gatnaşýan okuwçylaryň «Aşgabat» medeni dynç alyş merkezine gelip onuň gözel ýerlerine aýlandylar.

     Çäräniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edilen sergilere aýlanyp gördiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän suratlary çekdiler. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň surat çekmek bäsleşiginiň geçirilmegi ýurdumyzda çagalarymyz barada edilýän taýsyz aladalardan nyşandyr.

     Durmuşymyzyň gülleri hasaplanylýan ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, ugrunda taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Hoşgeldi ANNGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar