«Türkmendemirýoltaslama» taslama düzüş-agtaryş institutynyň mejlisler jaýynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe: «Ýörelgämiz ýagşy ündew» ady bilen geçirilen çäräniň maksady ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete bolan söýgüni döretmek, ýaşlarymyzyň hukugyny goramak, olary jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklyga çekmekden ybarat bolup durýar. Duşuşykdaky çykyşlarda bellenişi ýaly, durmuşa geçirilýän işler, olaryň haýsy döwre haýsy ulgama ýa-da haýsy ugra degişlidigine garamazdan, gönüden-göni ýaşlara hem dahyllydyr. Ösüşleriň biri-birine badalga bolşy ýaly, ýurduň daýanç güýji hem ýaşlara baglydyr. Ýaşlar hemişe döwletiň kuwwatly güýji hasaplanýar.
Maslahata gatnaşan demirýolçy ýaşlarymyz ýaş nesle döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Ybraýym HOJABERDIÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.