WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Ýakynda Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1 – 31-aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda ýaramaz endikleriň täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen bu çäre mazmunly çykyşlar bilen baýlaşdyryldy. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuşy üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň gerimi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Seýitnur GURBANSEÝIDOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY