SURAT SERGISI GURNALDY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan işler halkymyzy buýsandyrýar. 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde milliligimizi ýaýbaňlandyrmak, ýaşlaryň ýurdumyza wepaly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşiginiň yglan edilmegi bolsa nesillerimiziň, aýratyn hem howandarlyga mätäç çagalaryň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmagyna bolan mümkinçiliklerini artdyrýar.

     Golaýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzda hereket edýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň çeken suratlarynyň sergisi gurnaldy. Çäräniň dowamynda ýaş nesiller, öz halkyny asuda durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän  Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Aýbölek KAZAKOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY