GOJA ESGERIŇKIDE MYHMANÇYLYKDA

      Uruş weterany Ata Tutlykow Kaka etrabymyzyň uly sylag-hormatdan peýdalanýan bagtyýar ýaşaýjysydyr. Ol Gozgan obasynda ýaşamak bilen,  ýaşlary watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn uly goşant goşup gelýär. 99 ýaşly goja esgeriň gymmatly öwüt-ündewleri biz üçin uly mekdepdir.

      Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de etrap häkimliginiň wekilleri bolup, goja esgeriň döwletli ojagynda bolmak we ony şanly sene bilen gutlamak hem-de  hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurmak bagty miýesser etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pul sowgady we gymmat bahaly sowgatlary Ata aganyň goja göwnüni has-da galkyndyrdy. Onuň söweş we durmuş ýoly hakdaky täsirli gürrüňleri bolsa, bizde ýakymly duýgulary döretdi.

      Döwletli ojakdaky duşuşygyň barşynda uruş weterany Ata Tutlykowa beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň sowgatlary hem gowşuryldy.

 

Begenc ÖWEZOW, 

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA