Maslahatyň « Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» atly 2-nji bölümçesi öz işini Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda dowam etdi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän agzalary, ylym we bilim işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaş alymlar, döredijilige höwesjeň ýaşlar şeýle hem mugallymlar we okuwçylar işjeň gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň 2-nji bölümçesini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri U.Kakaýewa alyp bardy.
Bölümçäniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby M.Mahtumow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kafedra müdiri J.Seýdiýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy-gaz institutynyň Geofizika bölüminiň 2-nji derejeli inženeri G.Mämmedowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy G.Allakulyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň aspiranty M.Berdiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy H.Kişjikow, şeýle hem, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl magistri O.Amanmämmedowa dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragy – beýik pikirleriň we sagdyn düşünjeleriň eýesi, Magtymguly Pyragynyň döredijilik filosofiýasy, Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň, Ynsan kalbyna ýagşylyk şuglasyny çaýýan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy, Magtymguly Pyragy – asyrlaryň şamçyragy, Şygyrlary kalba lukman Pyragy, Magtymguly sözlär tili türkmeniň, Şahsyýet kämilligi ýaly temalar boýunça gürrüň berdiler. Şygyrlarynyň üsti bilen many dürüni saçýan beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygynyň mizemez binýady bolup gelýändigi aýratyn nygtaldy.
Şahyryň öwüt-nesihata ýugrulan şygyrlary mähriban halkymyzyň kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary möwç urýan bagtyýar ýaşlary terbiýelemegiň gözbaşy bolup durýar. Täze taryhy eýýamda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mizemez ýörelge edinen ýaşlarymyz yzygiderli kämilleşýän, özgerýän jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de agzybirligimizi pugtalandyrmakda uly güýç bolup durýar. Hut şonuň üçin hem beýik akyldaryň kämillige çagyrýan öwüt-nesihat beriji şygyrlary Watanymyzyň egsilmez kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň dilleriniň senasydyr, ykballarynyň bezegidir!