Ylmy-amaly maslahatyň «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly 3-nji bölümçesi öz işini Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň hassahanasynyň mejlisler jaýynda dowam etdi.
Bölümçäni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Emläk gatnaşyklary, telekeçiligi goldamak we hususylaşdyrmak bölüminiň esasy hünärmeni P.Meretliýew alyp bardy.Bölümçäniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni A.Gurbanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy A.Myradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy R.Hojageldiýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri A.Kulyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy O.Koçiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby G.Gurbanowa we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni S.Babanyýazowa dagylar çykyş etdiler.
Bölümçede Magtymguly köňülleriň öçmez çyragy, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ahlak gymmatlyklary, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy, Türkmenistan – ÝUNESKO: akyldar şahyryň döredijiligi dünýäniň üns merkezinde, Okap bildim sagdynyň men “Bossanny”..., Akyldar şahyryň döredijiligine belent sarpa, Şahsyýet kämilligi, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň türkmen ýaşlaryna täsiri ýaly temalara orun berildi.
Çykyş edenler bu günki geçirilen ylmy-amaly maslahatyň beýik akyldaryň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý, bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmekde, şeýle hem bütin dünýäde wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny buýsanç bilen bellediler.