Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde TMÝG-niň işjeň agzalarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň möhüm syýasy wakalaryny, täzeliklerini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny we hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda açylyp ulanylmaga berlen kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desganyň hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda açylyp ulanylmaga berlen kuwwatlylygy ýylda 1 millon tonna sement öndürýän Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň açylyş dabaralaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen «Watanymyz gülleýär Siziň bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Çykyşlarda Watanymyzyň ösüşleri barada uly buýsançly gürrüňler edildi.
Aýnur ÝUSUPOWA
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.