YNSANPERWERLIK DUÝGULARYNY TERBIÝELEMEK ZERURDYR

    Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi, türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümi bilen bilelikde Gumdag şäherçesiniň 31-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda şol şäherçäň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň gatnaşmaklarynda «Ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemek zerurdyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Jemgyýetde kämil bilimli, päk ahlakly, belent adamkärçilikli, edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini berjaý edýän, türkmen halkynyň milliligine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlylygyna sarpa goýýan ýaşlarymyzy terbiýelemek, hem-de gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asylly häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen bu çäre täsirli çykyşlara baý boldy.

    Çärede çykyş eden myhmanlar, ýaşlaryň arasynda dep-terbiýe, päk ahlaklylyk, jemgyýete peýdaly gowy endikleri we asylly häsiýetleri jemlemek ýaly baý many-mazmuna eýe bolan düşünjeleri giňişleýin nygtap geçdiler.

    Wagyz-nesihat çäresinde oňa gatnaşanlar biz ýaşlara döredip berýän mümkinçilikli üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1130 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT BÄSLEŞIGI

09 Iýul 2025 | 1361 okalan

BAGTYÝARDYR DÖWRÜMIZ, NURANA GELJEGIMIZ

09 Iýul 2025 | 1336 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER