SAGDYN DURMUŞ-BAŞ ÝÖRELGÄMIZ

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň we Balkan welaýat Polisiýa müdirligi bilen bilelikde gurnamaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek şeýle-de  «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek maksady bilen  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziñ her bir tutumly işleriniň türkmen halkynyñ geljegi bolan ýaşlar baradaky aladalara ýugrulandygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaşlaryň ýaramaz nogsanlyklara baş goşmazlyklaryny gazanmakda, olary ahlak taýdan arassa, ählitaraplaỳyn kämil nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de beden taýdan sagdyn, sowatly, gujurly ýaşlary terbiýelemekde öňde durýan belent wezipeleri durmuşa geçirmekde mundan beýläk hem alnyp barylýan bähbitli işlere ähli ýaşlary işjeň gatnaşmaklyga çagyrdylar. Çäräniň dowamynda türkmen ýaşlarynyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamaklary, okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

                                                  Orazgül AMANDURDYÝEWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet

                                              konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1130 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT BÄSLEŞIGI

09 Iýul 2025 | 1361 okalan

BAGTYÝARDYR DÖWRÜMIZ, NURANA GELJEGIMIZ

09 Iýul 2025 | 1336 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER