Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini we edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen maslahatda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler, ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada hem gürrüň edildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän mümkinçilikler, sanly ulgamyň ösüşi hakda durup geçmek bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.
Täsirli geçen maslahata gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilimli, hünärli, giň gözýetimli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.