Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde «Konstitusiýa — bagtymyz, Tugumyz — buýsanjymyz» ady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň, şeýle-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabara geçirildi.
Dabara bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlar, dili senaly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşmak bilen, şanly sene mynasybetli ýürek buýsançlaryny baýramçylyk gutlaglarynda beýan etdiler. Çykyş edenler täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň ykbalynyň göterilendigi, ýurdumyzyň gülläp ösýändigi, ähli pudaklarda ajaýyp üstünlikleriň gazanylýandygy barada buýsançly gürrüň berdiler, berkarar Watanymyzy gurşap alan ähli ösüşleriň we özgerişleriň sakasynda duran döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Etrabyň medeniýet we sungat ussatlary goşa senä bagyşlanan täze baýramçylyk aýdym-sazlary, halk döredijilik çykyşlary bilen dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdiler. Sungat çykyşlarynda bu güne milli gymmatlyklara goýulýan sarpa, Diýarymyzyň ösüşleri, dünýäde buýsançly parlaýan ýaşyl Tugumyz joşgunly waspyny tapdy.
Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.