ASUDA WE PARAHAT DURMUŞYŇ AÝDYŇ ÝOLY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Esasy Kanunymyz täze tutumlara ýol açýar. Ýaşyl Baýdagymyz bolsa halkymyzy uly üstünliklere, şanly rowaçlyklara ruhlandyrýar. Bu goşa mukaddeslik halkymyzyň agzybirliginiň, dünýä dolan şan-şöhratynyň beýanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarym aý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýyşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Ýaşyl Baýdagymyz türkmen halkynyň watansöýüjiliginiň, milli buýsanjynyň, üstünlikleriniň baýdagydyr. Döwlet baýdagymyzyň ýaşyl reňki täzelenişiň, ýaşaýşyň, şeýle-de ýaşlygyň reňkidir. Türkmen ýaşlarynyň golunda parlaýan ýaşyl Baýdagymyz ýaşlyk joşgunynyň, ruhubelentliginiň hem-de belent ynamyň alamatydyr. Onuň keşbinde nesilleriň geçmişi buýsanjy, şu güne — döwrümize söýgüsi, geljege ynamy jemlenen.

       Bu gün bagtyýar halkymyz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda Döwlet baýdagyny beletde parladyp, ata Watanymyzyň geljege nur çaýýan iň täze taryhyny döredýär. Amala aşyrylýan döwletli tutumlar, ägirt uly taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem ykbalyna oňyn täsir edýär. Şonuň üçin hem Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň öňünde, dünýäniň çar künjeginde buýsançly parlaýar. Onuň pasyrdysy ene topragyny, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen agzybir halkymyzyň şu güne yhlasyny, nurana geljege mizemez ynamyny, dost-doganlyga bolan belent sarpasyny alamatlandyrýar.

       Ýurduň Garaşsyzlygyny kepillendirýän esasy kanun Konstitusiýa bolup, ol döwletiň hukuk gurluşyny, ykdysady, syýasy ýörelgelerini kesgitleýär. Esasy kanunymyzyň türkmen jemgyýetinde agzybirligi we galkynyşy üpjün etmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Jemgyýetdäki tertip-düzgün agzybirligiň, bagtyýarlygyň özenidir, esasy şertidir. Bu gün halkymyz esasy Kanunymyza daýanyp, Döwlet baýdagymyzyň astynda üçünji müňýyllykda ählumumy parahatçylygy we durnukly gatnaşyklary ýola goýýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy ajaýyp goşa daragt bolup, halkymyzyň üstüne bagtyň hem abadançylygyň sahawatly saýasyny salýar. Hut şonuň üçin hem biziň mukaddes ýaşyl Baýdagymyza bolan hormatymyz, söýgümiz, wepalylygymyz egsilmezdir.

       Her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen kämil kanunlara daýanýan mizemez döwleti döredip, külli türkmeni bagtyýar döwre ýetiren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Watana bolan beýik söýgi bilen Döwlet baýdagyny mukaddeslik hökmünde beletde göterip, bagta sary barýan ýollarymyz rowaç bolsun!

 

Gülşirin MAMEDOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY