MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SUNGAT ÄLEMINDÄKI ORNY

     Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Dana şahyryň Watanyny, öz il-gününi söýmek bilen çäklenmän, ýurduň özbaşdaklygyny saklamak ugrundaky watançylyk pikirlerini öňe süren şygyrlaryň ýaş nesilleri terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bardyr.

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň «Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar» atly bölüminde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaş nesillere galdyran edebi mirasy barada söz açýar. Watançy ýaşlary terbiýelemekde nusgawy şahyrlarymyzyň miras galdyran şygyrlarynyň örän uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny nygtaýar.

     Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň eserleri watansöýüjilik ruhy bilen ýugrulandyr. Türkmene mahsus häsiýetleri bolan çeper keşp diýilende Magtymguly Pyragy göz öňüňde janlanýar. Dana şahyryň goşgularynyň üç asyrlap bagşylar tarapyndan aýdym edip aýdylmagy, suratkeşler tarapyndan sungat eserlerinde şekillendirmegi onuň mertebesini has-da belende galdyrýar.

     Häzirki döwrümiziň sungatyny ösdürmekde we ony baýlaşdyrmakda Pyragynyň goşgularynyň tutýan ähmiýeti uludyr. Şekillendiriş sungatynyň eserlerinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymgulynyň keşbi giňişleýin wasp edilýär. Halypalar we olaryň şägirtleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda Magtymgulyny wasp etmekde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik we amaly-haşam sungatynda köp sanly eserleri döretdiler. Döredilen eserleriň her biri özüniň özboluşlylygy, çeperçilik aýratynlygy we many-mazmuny bilen biri-birinden tapawutlanýar. Onuň gymmatyny halkymyza äşgär etmekde şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň mynasyp orny bardyr.

     Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ylham alyp, ýagty geljege tarap uzaýan ösüşleri dürli sungat eserleri bilen beýan etmäge çemeleşýärler.

     Ussat şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda durmuşyň islendik meselesi baradaky şahyrana, çuň many-mazmunly pelsepewi pikirleri ýaşlar üçin terbiýe mekdebidir. Onuň gymmatyny halkymyza äşgär etmekde şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň hatarynda zehinli ýaşlarymyzyň hem aýratyn orny bardyr. Ýaş suratkeşleriň döredijiliginde watançylyk duýgulary çeper beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini suratlandyrmagy ýol-ýörelge edinen zehinli ýaşlarymyzyň eserleri şahyryň döredijiligi bilen baglanyşykly baýramçylyklarynda gurnalýan sergilerde merkezi orny eýeleýärler.

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi döredildi. Sol elinde kitaby, sag eli bilen halky bir supra çagyryp duran 60 metrlik Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň asuda ýaşamagyny arzuwlaýan keşbinde şöhlelendirilipdir. Paýtagtymyzyň günorta böleginde oturdylan beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Bu bolsa, türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesini has-da belende göterdi, sungatdaky sarpasyny artdyrdy.

 

Ogulsona ÖWEZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY