GÖZEL TÜRKMEN HALYSY

     Halyçylyk gözbaşyny gadymyýetiň syrly gatlaryndan alyp gaýdýan özboluşly sungatdyr. Taryhy çeşmelerde türkmen halylarynyň şalaryň köşklerine aýratyn bezeg berendigi baradaky maglumatlara köp duş gelmek bolýar. Türkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Ilki başda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary berk baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyr netijede sungata öwrüldi. Onuň kämillige barýan ösüşiniň her bir döwründe öz ussatlary bolupdyr. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar. Halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän bu sungat eneden gyza geçipdir. Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Haly halkyň zähmetiň adyllygyna bolan ynanjynyň şöhlelenmegidir, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr.

     Şahyr Nobatguly Rejepow öz goşgusynda şeýle belleýär:

Uçar garyp gyzyň dokan halysy,

Edebi, ekramy ýerinde bolsa.

Hol, «Garybyň gyzy Güljahan» ýaly,

Akyly hem huşy serinde bolsa.

     Şahyr bu goşgysynyň üsti bilen türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen dörän, yhlasy bilen kemala gelen, söýgisi bilen nepislige ýeten, ýürekleriniň ýyly mähri siňen türkmen halysy deňsiz-taýsyz kämillige, sungata öwrülendigini wasp edýär. Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup hyzmat edýär. Bu gün merdana halkymyzyň ruhy hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halysynyň şanyna ýurdumyzda toý-baýramlar uludan tutulýar. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň güni giň dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Gelin-gyzlarymyzyň döredýän bu sungat eseriniň waspy dünýä ýaýylýar. Bu şanly sene mynasybetli ajaýyp halylary dokaýan gelin-gyzlarymyza hormatly atlar dakylyp, hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýlary gowşurylýar. Munuň özi çeper elli halyçylarymyza, halyçylyk sungatyna ömürlerini bagyş eden ene-mamalarymyza goýulýan çäksiz we egsilmez sarpanyň nyşanydyr.

 

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY