Ýaşlar Watanymyzyň daýanjy, ýurdumyzyň röwşen geljegini berkarar edijiler hasaplanýar. Hut şu esasdan ýaşlaryň okap, kämil bilimleri ele akmaklaryny, hakyky hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri bu gün bagtyýar ýaşlaryň hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlar bilen geçirýän duşuşyklarynda, maslahatlarynda ýaş nesliň ýagty ertirlerini berkarar etmek maksady bilen degişli gulluklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňlerinde anyk wezipeleri goýýar. Bu ugurdaky möhüm ähmiýetli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň öňüne hem aýratyn jogapkärçilik düşýär.
Şu maksat bilen biz hem bilim edaralarynda yzygiderli bolup mekdebi tamamlaýan uçurymlar bilen wagyz-nesihat ähmiýetli duşuşyklary guraýarys. «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilýän şeýle ähmiýetli çärelerde degişli gulluklaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna hem giň orun berilýär. Edilýän çykyşlarda ak mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýagşy arzuwlar edilip, olaryň ýaramaz hereketlerden daşda durmaklary, köpçülik ýerlerinde özlerini edepli alyp barmaklary mekdebi gutardyş dabaralaryny talabalaýyk geçirmekleri ündelýär. Bu işlere okuwçylaryň ene-atalarynyň hem jogapkärçilikli çemeleşmelidikleri nygtalýar. Şeýle ähmiýetli çärelerde il sylagly ýaşulular, halypa mugallymlar hem çykyş edip, ýaramaz hereketleriň döredip biläýjek täsirleri dogrusynda ýaşlara öwütlerini berýärler. Şeýle-de duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyna taýýarlyk işlerine hem aýratyn üns çekilýär. Ildeşlerimiz ýaşlaryň bagtyýar şu güni, nurana ertirleri ugrunda giň gerimli aladalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny aýdýarlar.
Döwran HEMRAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat
şäher geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.