WATANYŇ GÖWHER GAŞY

Bagtyýar türkmen halky ýene bir uly senäni — ak şäherimiz Aşgabadyň gününi bellemäge uludan taýýarlyk görýär. Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen bina edilen ak mermere bürenen paýtagtymyzy bu gün görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Gurbannazar Ezizowyň:

Şäher guruň, penjiresi giň bolsun,

          Säher Gün şähere başyny egsin.

-ýaly şygyr setirlerini okanyňda onuň ak şäherimiz Aşgabadyň hut häzirki ýagdaýyny taryplaýana meňzeýär.

Elbetde, bu gün gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri ýurt parahatçylygynyň, halkyň abadançylygyň, ilatyň asudalygyň alamatydyr. Ol türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar.

Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi hökmünde ykrar edilen merjen paýtagtymyz ýokary depginler bilen ösýän döwrebap şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Milli binagärligiň gadymy däpleri bolsa bu aýratynlygyň özenini düzýär. Bu gün paýtagtymyzyň sebitiň iri merkezleriniň biri hökmünde halkara derejeli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle ýurduň raýaty, şeýle Watanyň perzendi bolmak, asuda Watanyň gujagynda zähmet çekmek, beýik ynam bilen röwşen geljegi gurmak biziň ählimiz üçin hem uly bagtdan nyşandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan ajaýyp eserdir. Bu eserde şäherimiziň gözel künjekleri, onuň ösüşi we geljekde ediljek işler beýan edilýär. Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyzyň ýollary ýagty, her bir güni şanly wakalara beslensin! Bagtyýar halkymyz bagtly günleriň şaýady bolup ýaşasyn! Bu asuda, şatlykly günlerimiziň başynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Tawus MEŇLIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY