ÝAŞAJYK ZEHINLERIŇ SURAT SERGISI GURALDY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede guralýan dabaralara beslenýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda çagalaryň arasynda yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi hem bu şanly sene mynasybetli geçirilýän dürli mazmunly çäreler dabarany has-da belende göterýär.

     Ýakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza söýgini öz eserlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlaryndan saýlanan döredijilik işleri bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, Arkadag we Aşgabat şäher hem-de welaýat tapgyryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we welaýat, şäher medeniýet müdirlikleriniň wekillerinden düzülen eminler toparyna bäsleşigiň jemleýji tapgyryna mynasyp görlen 50 sany döredijilik işlerini seljermek üçin hödürlendi.

     Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

     Bäsleşige gatnaşan körpeler surat eserleriniň üsti bilen mähriban Watanymyza, eziz topragymyza, ene-ata, maşgala mukaddesligine, milli gymmatlyklarymyza, şol sanda ahalteke bedewlerine söýgüsini, gözel tebigatymyzy wasp etmäge bolan höwesini açyp görkezdiler. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmeginiň netijesinde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, kämil bilim-terbiýeli bolmaklaryna uly ähmiýet berlip, bu babatda ähli zerur tagallalar edilýär. Gürrüňi edilýän bäsleşik hem çagalaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, olary döredijilige höweslendirmek, täze üstünliklere ruhlandyrmak bilen, röwşen geljegimiziň eýeleri baradaky aladalaryň döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

     Bäsleşige gatnaşan çagalar öz ukyp-başarnyklarynyň, zehinleriniň açylmagy ugrunda şeýle uly aladalaryň edilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çaga kalplaryndan joşup çykýan alkyşlaryny aýtýarlar.

 

Selbi ATAJANOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara

hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY