GÖZEL PAÝTAGTYMYZ AŞGABADYŇ TARYHYNDAN HEM ŞU GÜNÜNDEN

    1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet berkitmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň dolandyryş merkezine öwrülipdir.
    1919 — 1927-nji ýyllarda bolsa şäheriň ady Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. 1927-nji ýylda bolsa oňa «Aşgabat» diýen milli at berlipdir.

    2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy.

    2014-nji ýylyň 24-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda belentligi 25 metre deň bolan «Ak şäherim Aşgabat» binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

    2016-njy ýylyň 26-njy martynda «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

    2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi.

    2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda halkara derejesinde giňden bellenilen şäherleriň Bütindünýä gününde paýtagtymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizildi.

    Häzirki wagtda gözel şäherimiziň çäginde 70-den gowrak seýilgäh bar. Olardan «Ylham», «Aşgabat», «Arkadag», «Bagtyýarlyk», «Laçyn», «Garaşsyzlyk», «10 ýyl Abadançylyk» seýilgähleri mysal getirmek bolar. Bulardan başga-da paýtagtymyzdaky «Berkarar», «Bagtyýar», «Aşgabadyň ýalkymy», «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezleri halkymyzyň hyzmatynda. 40 gektardan gowrak meýdany eýeleýän Janly tebigatyň milli muzeýi bolsa 2010-njy ýylda gojaman Köpetdagyň täsin künjeginde açylyp ulanylmaga berildi.

    Aşgabat Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

    2008-nji ýylda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşen «Oguz han we onuň ogullary» täsin suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. «Iň iri möçberli suw çüwdürimler» ugry boýunça girizilen bu toplum 14,82 gektara barabar meýdanda ýerleşip, sazlaşykly yşyklandyrylan täsin suw çüwdürimleriniň 27-sinden ybaratdyr.

    2008-nji ýylda beýikligi 133 metr bolan Döwlet baýdagymyzyň belent sütüni dünýäde iň beýik flagştok hökmünde ykrar edilip, bu kitaba girizildi.

    2011-nji ýylda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy bölegi — Oguz hanyň ägirt uly sekizburçly ýyldyzy dünýäde iň uly binagärlik keşbi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna ýazyldy. Bu merkez Köpetdagyň gerşinde, deňiz derejesinden 1 müň metrden gowrak belentlikde gurlandyr.

    2012-nji ýylda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň dünýäde iň uly, ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş hiňňildigi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda bellige alyndy.

    2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitaba girizilendigi buýsançlydyr. Şol günden bäri bolsa her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni milli senenamamyzda baýram edilip bellenilýär.

    2016-njy ýylda paýtagtymyzyň Halkara howa menzili özüniň iň uly haly gölleriniň şekili bilen (705 inedördül metr) Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň ýörite güwänamasyna mynasyp boldy.

    2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesindäki desgalaryň birbada ikisi bu kitapda mynasyp orun eýeledi. Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýädäki iň uly nyşany hökmünde hem-de Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri toplumy dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

 

Taýýarlan: Gülnäz ÝAGMUROWA,

«Güneş».

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY