Gözbaşyny gadymyýetiň gözbaşyndan alyp gaýdýan ajaýyp türkmen halylarynda özboluşly keramat bar. Diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýäniň çar künjinde ähli zamanlarda özüne imrindirmegi başaran, amaly-haşam sungatynyň deňsiz-taýsyz bir görnüşi bolan bu ajaýyp senedi ene-mamalarmyz kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdirler. Ajaýyp türkmen halylary geçmişde dürli söwda ýollary arkaly, Hindistanyň we Ýakyn Gündogaryň üsti bilen daşary ýurtlara äkidipdirler. Olar men-men diýen şalaryň, soltanlaryň köşklerini bezäpdir. Nepislik bilen dokalan halylarymyz dünýäde «Türkmen halylary» diýip, uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Taryhyň öwrümli ýollarynda, has takygy, XIX asyryň ahyrlarynda bu ajaýyp halylar ýerli senetçilerden ujypsyz bahadan satyn alnyp, Buhara bazarlarynda diýseň köp satylypdyr.
Hakyň nazar salan ýurdunda, oty-çöpi derman bolan ata Watanymyzda dürli reňklerdäki tebigy boýaglary almak üçin hiç bir ösümligiň yrýasynyň ýokdygyna düşünipdirler. Dokmaçylarymyz, esasan, saryja goýnuň ýazky gyrkymyndaky ýüňünden peýdalanypdyrlar, ony ýuwup, saýyp, ýüň darakda darap, ondan özboluşly halylary dokapdyrlar. Darakda galan ýüňleri, ýagny «darakdişi» bolsa keçe etmekde ulanypdyrlar.
Tebigy boýaglar bilen boýalan ýüňler gadymy we müdimi senedimiz bolan türkmen halylarymyza sypaýydan özboluşly öwüşgin berýär. Halylaryň topragy gyzyl, goýy gyzyl, mämişi reňklerde bolup, ortaky gölleri tire-taýpalaryň özlerine mahsus görnüşde salynýar. Çitilýän ýerleriniň «älem» nagşy bilen başlanyp, hut şu nagyş bilen tamamlanmagy, iri gölleriň arasyna özboluşly nusgalaryň salynmagy, şeýle-de halynyň iki tarapynyň-da seçeklenmegi onuň gözelligini has-da artdyrýar.
Eriş bilen argaçdan dokalýan halynyň özboluşly manysy bolup, «eriş» sözi «Arş» sözünden gelip çykan bolsa, «argaç» sözi «gezmek», «ýaşamak» diýen manylary berýär. Olar çitilende, «çitmek, sözi «çatmak» manyda Arş bilen ýaşaýşy çatýar diýen düşünje berýär.
Ene-mamalarymyzyň yhlasy siňip, özüne çekijilik häsiýetini ýitirmän, biziň günlerimize gelip ýeten halylarymyz gadymy döwürlerde bolşy ýaly, diňe bir düşek hökmünde ulanylman, eýsem dürli hajatlar, ýagny ak öýüň gap böwründe gap-çanaklary salmak, ojakbaşylyk, ak öýüň diwarlarynda gerip, öýüň gözegeliwliligi üçin ulanylan bolsa, häzirki wagtda haly önümleriniň görnüşleri döwrebap röwüşde barha meşhurlyga eýe bolýar hem-de olaryň ulanylyş örüsi has giňelýär. Bu senediň ýene bir aýratynlygy, oňa türkmen gelin-gyzlary ýürek ýylysyny siňdiripdirler. Ýüpekden dokalmagy netijesinde bolsa, halynyň öwüşgini has-da artýar. Ene-mamalarymyzyň çeperçilik paýhasyna göz ýetirmekde uly ähmiýete eýe-bolan halylarymyz barada ýazmadyk sungaty öwreniji megerem ýok bolsa gerek. Sungaty öwreniji A.Felkerzam özüniň «Orta Aziýanyň gadymy halklary» atly işinde şeýle ýazypdyr: «Gadymy türkmen halylaryny bir gezek synlan adam soňra ol halylary beýleki taýpalaryň halylary bilen bezegi-nagşy , (dokalyş usuly hakynda-ha sözem ýok) taýdan asla garjaşdyryp bilmez. Bu halylaryň nagyşlaryny söz bilen suratlandyrmak mümkin däl, sebäbi onuň şeklini beýleki şekilleriň özi we reňkleri bilen deňeşdirer ýaly däl...Türkmenleriň haly önümleri beýleki çarwalaryň dokaýan halylaryndan jedelsiz owadandyrlar. Gadymy türkmen halylarynyň ajaýyp koloritinden bir gezek gözi ganan adam bu täsin önümleriň nepisligine bendi bolup, olaryň çitimleriniň sazlaşygyndan, inçe we ýüpek şuglasyndan syzylyp çykýan keýpi çaglygy başdan geçirýär, ana, şonda ol bu eserleriň gözelliginiň nämede jemlenýändigini ýüregi bilen syzyp bilýär».
Türkmençilikde haly dokaýan adam bilen okaýan adam des-deň görülýär, sebäbi şeýle inçe sungatda çitimler arkaly barmak ýöredip, darak kakyp bilmekligiň özi hem diýseň sowatlylygy hem-de ünsliligi talap edýär. «haly bägülden näzikdir, daşdan berkdir» diýilmeginiň aňyrsynda uly many bar. Egrilen ýüňden ýa-da ýüpekden çitilýän çitimler bilen uly güýç sarp edilip kakylýan daraklar birleşende, şeýle näziklik hem berklik ýüze çykýar. Bu babatda bolsa N. Latkin:« Teke aýallary berkligi we şekilleriniň nepisligi bilen şöhrat gazanýan ýüpek we eriş halylary hem-de beýleki matalary dokaýarlar» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, haly çitimleri erşiň goşa ýüpünden çitilip, bir hatary çitilenden soň, erşiň boşlugyna halynyň görnüşine baglylykda argajyň bir ýa-da iki ýüpi geçirilýär. Bu bolsa çitimleriň, halynyň berkligini üpjün edýär.
Türkmen halylarynyň dünýädäki abraýynyň artmagynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutumlary rowaçlyklara beslensin.
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.