Häzirki wagtda halkara derejesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynda ylym-bilim ugrundaky hyzmatdaşlyga uly orun degişli. Ýylyň-ýylyna dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryň arasynda yzygiderli guralýan bäsleşikler, olimpiadalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda badalga berlen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigini hem şolaryň hatarynda aýtmak bolar. Oňa gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň we magistrleriň 250-den gowragy gatnaşýar.
Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu bäsleşige gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň, Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň, Täjik milli uniwersitetiniň, Rus-täjik (slawýan) uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň, Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň magistrleri we talyplary isleg bildirdiler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen guralýan bu bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Bäsleşigiň şahsy tapgyry test sowallary we ýazuw-barlag işleri esasynda bolup, olar sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny öz içine alar.
Bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda bolsa gatnaşyjylar toparlaýyn görnüşde ýumuşlary we meseleleri çözmekde bäsleşerler. Bu tapgyryň dowamynda gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we ş.m. ugurlar boýunça 5-10 sany mesele-ýumuş çözerler. Bu tapgyrda toparlar boýunça ýeňijiler bahalandyrylar.
Gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigini hem geçirilmek meýilleşdirilýär. Şunda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut göz öňünde tutulan. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog hem-de hyzmatdaşlyk usullaryny, olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek bolup durýar. Şahsy we toparlaýyn tapgyrdaky ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.
Daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çäreleri göz öňünde tutulandyr. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlaryň gözel paýtagtymyzyň täsinlikleri, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň aýratynlyklary, ýaş diplomatlary taýýarlamagyň milli tejribesi bilen tanyşmaklaryna şert döreder.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.