Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň Aşgabat şäherimiz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesi häzirki wagtda merjen şäherimiziň döwrebap ösüşinde aýdyň şöhlelenýär. Paýtagtymyzdaky biri-birinden beýik mermer binalar, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerinde dürli görnüşli güllere we baglara beslenen ýaşyl zolaklar, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary ähli amatlyklar bilen üpjün edilendir.
Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösüşlere eýe bolýar.
2013-nji ýylyň maýynda Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky «merjenine» öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu dünýä rekordynyň goýulmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ak mermerli şäheriň binagärlik keşbini täzelemek we döwrebaplaşdyrmak baradaky strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Ýurdumyzyň baş şäheri özüniň ajaýyp binagärlik aýratynlygy hem-de gaýtalanmajak gözelligi bilen 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşulmagy Aşgabadyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.
Bagtyýar halkymyzyň ajaýyp şäherimize çäksiz söýgüsiniň nyşany bolan Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ata Watanymyzyň paýtagtynyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berýän halkara sergini geçirmek asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 143 ýyl dolmagy mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy hem şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplanan iş tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridigini nygtalýar. Merjen şäherimizde gözellik we oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inžener-tehniki pikiriň üstünlikleri hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar.
Aşgabat şäherimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gün-günden döwrebap, gözel keşbe eýe bolup, juwanlygyň gaýtalanmajak nusgasyna öwrülýär.
Berkarar Watanymyzyň ýüregi, göwünleri ganatlandyrýan ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler geljekde-de möhüm orun eýelär. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak ýurdumyzy abadanlaşdyrmakdyr, ak şäherimizi gülledip ösdürmek döwletimizi gülledip ösdürmekdir. Aşgabat mähriban halkymyzyň ak bagtynyň aýdyň alamaty bolup, äleme şugla saçsyn! Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadymyzyň ady, geljekde dünýäniň iň owadan, iň nurana, iň tämiz şäheri hökmünde dünýä dolsun! Gül Diýarymyzy jennet mekana öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, ýurdumyzyň aýdyň geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bibimerýem GELDIMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň talyby.