Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýene-de sanlyja günden Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenip geçiler. Berkarar Watanymyzda bu senä aýratyn ähmiýet berlip, ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygy ugrunda uly aladalaryň edilmegi ýönelige däldir.
Gahryman Arkadagymyz: «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy döwletimiziň uly baýlygydyr hem-de jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň kepilidir» diýip bellemek bilen, ýaş nesliň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy ugrundaky döwletli tutumlara badalga berdi. Bu ugurdaky ajaýyp başlangyçlar ösüşiň häzirki täze taryhy tapgyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde — paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde iň häzirki zaman okuw, bilim-terbiýeçilik edaralary, medeni — aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri gurulýar, olar iň täze okuw tehnologiýalary, innowasiýa häsiýetli multimedia hem-de interaktiw ulgamlary, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär.
Birinji synpa gadam basan körpeler her ýylda hormatly Prezidentimiziň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren netbuklaryny sowgat alýarlar, mekdepde okamagyň ilkinji ýylyndan başlap, çagalar kompýuterlerde işlemek endiklerini ele alýarlar. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.
Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler hem watansöýüjilik ruhunda terbiýelenýärler, sowat öwrenýärler. Olaryň bagtyýar, şadyýan durmuşda akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüp kemala gelmegi ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler has-da buýsandyrýar.
Ata Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.