EKOLOGIÝA MEDENIÝETINI ÖSDÜRMEK

    Häzirki ylym we innowasiýalar döwründe ýaşlar täze tehnologiýalary, täzeçillikleri gündelik durmuşa ornaşdyrmakda has işjeňlik bilen tapawutlanýar. Maglumat tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň döwrinde jemgyýetiň ähli ulgamlary kompýuter tehnologiýalary bilen baglanyşykly bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde dünýä derejesinde öň hatara çykýan daşky gurşawy goramak ugrunda döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilip ýaş nesle ekologiýa biliminiň çuňňur berilmegi, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetiniň pugtalandyrlymagy ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi durnukly ösüş konsepsiýasynyň baş maksady bolan nesillerimiz üçin daşky gurşawyň aýawly saklanylmagy we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy babatynda hem wajyp bolup durýar.

    Ekologik bilim bermek ekologiýa medeniýetliligi ösdürmegiň wajyp serişdesi bolup, ýaşlarda ylmy dünýägaraýşy, tebigata bolan dogry çemeleşmäni terbiýeleýän daşky gurşawyň ýagdaýyny hemmetaraplaýyn anyklamak endigi bolup durýar. Ählumumy ekologiýa meseleleri oňyn çözmegiň esasy şerti hem ekologiýa medeniýetlilik, adam bilen tebigatyň özara sazlaşygynyň üpjün edilmegi, tebigata diňe bir maddy däl-de eýsem ruhy gymmatlyk hökmünde hem garalmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa, häzirki wagtda ýaşlarda ekologiýa medeniýeti pugtalandyrmagyň jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm wezipeleriniň birine hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilmegine itergi berdi. Hususan-da, bu ugurda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan hem tebigy mirasyň goragynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, ekologiýa düşünjeliligiň, medeniýetiň dünýä derejesinde ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işler alyp barylýar. Ekologik bilimi kämil bolan şahsyýetde kemala gelýän ekologiýa medeniýetliligi bu adamyň aňyny ekologiýalaşdyrmagyň iň ýokary derejesidir.

    Tebigaty goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler aýratyn bellärliklidir we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ähmiýetlidir. Ekologiýa degişli «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bulardan başga-da, «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän möhüm resminama boldy.

    2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, ekologik bilim ulgamyny guramak we ösdürmek, ekologik aňy terbiýelemek hem-de ekologik medeniýeti kemala getirmek ýurdumyzda tebigaty goramak babatynda esasy ýörelgeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Kanunda ähli görnüşli hünär okuw edaralarynda, olaryň hünär ugruna garamazdan, ekologiýanyň esaslarynyň we tebigaty goramak boýunça dersleriň okadylmagy göz öňünde tutulýan kadalar öz beýanyny tapýar.

    Jemgyýetiň ösüş kuwwaty bolan ýaşlaryň ylym-bilimleriniň daşky gurşawy goramaga gönükdirilmegi, bu ugurda hukuk binýadynyň kämilleşmegi bolsa ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrýan Watan söýüjiligiň we ynsanperwerligiň alamaty, döwrüň zerur şerti bolup durýar.

 

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara

gatnaşyklary institutynyň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY