TÜRKMEN TAMDYRY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli, medeni mirasymyzy öwrenmekde we halka ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Oguzhan kowumly türkmen halky müň ýyllyklaryň dowamynda özüniň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen gojaman taryhyň sahypalarynda görnükli yz galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip belläp geçýär.

       Könelerimizden miras galan tamdyr örän gadymy döwürlerden bäri Kawkazyň, Gündogaryň we Merkezi Aziýa halklarynyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar. Türkmenistanyň çägindäki gadymy Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gadymy ata-babalarymyzyň çörek bişirmek üçin palçykdan ýasan tamdyrlarynyň, ojaklarynyň galyndylary tapyldy. Taryhçy alym A.Gubaýew Türkmenistanyň arheologiýasynyň taryhy hakyndaky maglumatlarynda «Merwden we Könegaladan (Aşgabadyň etegindäki Köşi obasy) b.e. III asyra degişli el degirmeni tapyldy. Ozal daş owguçda owlan däneden näme bişirendiklerini anyk aýtmak kyn. Ýöne indi degirmenden çykan unuň peýda bolmagy bilen ýalpyldap duran çörekleriň bişirilip başlandygyny çaklamak mümkindir. Biziň pikirimizçe, türkmen tamdyrlarynyň-da has ýönekeýje görnüşleri baryp, şol zamanlarda ýüze çykypdyr» diýip belleýär.

       Geçen müňýyllyklaryň dowamynda örän köp zatlar özgerdi. Muňa garamazdan, çörek bişirilýän tamdyr birjik-de üýtgemän, asyl durkuny saklap galypdyr.

       Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, gadymy Oguzlar oda we ýalyna «tam», «tamdu» diýipdirler. Türkmen dilçi alymy Mahmut Kaşgarly «tamdu» sözüni «ot ýak», «tutaşdyr» manysynda ulanypdyr. «Tamdyr» adalgasynyň ikinji «dyr» bölegi hem ir eýýamlarda «dur» görnüşinde bolup, ol «ýanýan» manysynda ulanypdyr. Diýmek, «tamdyr» sözi, aslynda, «ot ýakylýan ýer», «ojak» manysynda ýüze çykypdyr.

       Tamdyr salmagyň iň gyzgalaňly möwsümi tomusuň jokrama yssy günlerinde amala aşyrylýar. Daşyndan göräýmäge, tamdyr juda ýönekeý, diýseň adaty gurnawda ýasalýar. Ony ýasamak üçin diňe suw bilen palçyk gerek ýalydyr. Ýöne hakykatda welin, edil beýle-de däl. Tamdyr ýasamagyň kämil usullary nesilden nesillere geçirilip, şu güne çenli saklanyp gelinýär. Tamdyr ýasaýanlara il içinde «Tamdyrçylar» diýýärler. Tamdyr ýasamagyň tertibiniň yzygiderli, gyşarnyksyz berjaý edilmeli berk düzgünleri bar. Olaryň ýeke biriniň gözden salynmagy işiň bitişine selteňlik salyp bilýär.

       Bilşimiz ýaly, Pugta – tamdyryň piri hasaplanyp tamdyr salynanda, Pir-Pugta çagyrylýar. Tamdyr salynanda öňi bilen sähetli günleriň biri seçilip alnyp «Bissimillah» diýip işe başlanylýar. Zenan tamdyryň hemişelik durjak ýeri diýip çak eden ýeriniň «duzuny» barlap görýär. Halkymyzyň mähriban enä deňeýän topragyndan üç çümmük alynyp dadylýar. Topragyň tagamy mukaddes tamdyry ýasaýan zenanyň göwnüne ýarasa, onda ol bu ýeri saýlap alýar.

       Tamdyry gadym döwürlerden bäri selinden, ýekenden, buýandan, daşdan, kerpiçden we pagsadan galdyrmak ýörgünli bolupdyr. Ýerli aýratynlyga görä häzirki döwrümizde hem bu däp dowam etdirilýär. Selinden ýasalýan tamdyrdyrlar eneler aýtmyşlaýyn örän pugta bolýar. Öňler tamdyr diňe palçykdan gurulardy, häzirki wagtda bolsa köplenç kerpiçden gurulýar. Iki ýagdaýda-da şykgy palçyk edip, içine köne samanyň garyndysyny garyp, birnäçe günläp palçygyň üstüne suw sepeläp, täzeden garyp günüň aşagynda goýmaly. Şykgy palçygynyň ulanylmagy tamdyryň ýüzüniň suwagynyň ýarylmazlygyna ýardam edýär. Tamdyry arassa we tekiz ýerde salynmak sogap saýylýar. Tamdyrçy ussa halkyň örän sylanýan adamsy hasaplanýar. Ol halalhonlygy we beýik adamkärçiligi bilen tanalýan zenandyr. Ol öz işini tekiz ýerde tegelek çyzyk çyzmakdan başlaýar. Soňra çyzygyň üstünden binýatlyk kerpiçleri goýulýar. Ýaşlaryň iş öwrenmegine ýol açýarlar, gadymy senediň ýitmezliginiň aladasyny edýärler. Suw bilen özleşdirilen şeýle gumdan önen palçyga başgaça «Şykga» hem diýilýär. Bu işde tamdyrça zähmetsöýer, işini bilýän kömekçi ýaş gelin ýardam edýär. Tamdyrçy zenan: «Meniň elim däl, ökde zenanlaryň eli» diýip işine başlaýar.

       Mukaddes tamdyr arassa toýundan ýasalýar, arassa toýun ogradylýar, duz atylýar. Yanan samanyň külkesi ýa-da halynyň gyryndysy toýun bilen bilelikde suwa garylýar. Bu garyndy birnäçe gün saklanylýar. Oňa «palçygyň demini bermek diýilýär». Tamdyr salynyp başlananda, körük goýmaly körükler oduň tüssesi çykar ýaly goýulýar. Diňe bir içiniň däl, eýsem daşynyň hem tekiz, owadan bolmagyna çalyşýar. Tamdyryň içini we daşyny suwamak üçin suw görmedik şor ýerden gum getirýärler. Muňa köplenç, ýöne «Şor» hem diýilýär.

       Şor gum çörekleriň gowy gyzarmagy, arkasynyň keseklemezligi üçin haýyrlydyr. Bir günläp ezip goýulandan soň, ony arassa ýerde pugta berçinleýärler. Muňa başgaça «Depgilemek» hem diýilýär. Bu işde jahyl ýigitler kömege gelýärler. Palçygyň aşagyna uly bir ganar ýazylýar. Ep-eslije basgylanandan soň, ganar galdyrylyp palçyk orta toplanýar. Şeýdip, gezekli-gezegine depgilenip, hamyr kysmy ýumşaklykdaky suwag palçygy taýýar bolýar. Ussa zenan palçyga göwni ýetenden soň tamdyryň içine girýär. Içki suwagda esasy kömekçiden başga-da ýaş gelin gyzlar ýanaw kömekçi hökmünde çagyrylýar. Bir kerpijiň ýary ýaly ululykdaky palçygy bölüp, çep eliň aýasynda bileginiň üsti bilen ýasylap berýän kömekçiden ýanaw alyp, ony ussa zenana uzadýar. Ussa suwaglyk palçygy goýmazdan öň, tamdyryň içine biraz suw urýar. Soňra palçygy ýagşy ýelimläp, aýasy bilen basyp-basyp berkidýär. Suw çalyp tekizleýär we ýylmaýar. Şeýlelikde, tomsuň uzyn gündizlerinde tamdyryň suwagyndan bir günüň dowamynda dynylýar. Tamdyryň daşyna saman ýa-da ýylgynyň püri garylan suwag edilýär. Edil içiniň suwalyşy ýaly galyň suwag goýulandan soň, biraz guradylyp, samansuwag urulýar. Şeýlelikde, müň bir ýagşy arzuwlar, päk niýetler bilen gurulan tamdyr taýýar bolýar. Tamdyr taýýar bolandan soň tamdyr salýan ata-baba ýörelgä eýerip, pirli tamdyryň böwrüne beýik adalatly hökümdar bolan Oguz han Türkmeniň mynasyp nesilidigini aňlatýan mübärek nyşan bolan iki şahly tuwalganyň şekilini salypdyrlar. Ol nagyşa «Oguz hanyň tagmasy» ýa-da «tamdyr goçak» diýilýär. Ondan soňra bolsa tamdyry doly guratmak üçin uzak wagtlap  içinde ot ýakýarlar. Oňa başgaça «agartmak» hem diýilýär. Tamdyr agarandan  soň, ýüzüne şerebeli suw urýarlar. Käbir maşgalada bolsa täzeje tamdyra yrym üçin dessine petir çörek ýapylyp, goňşy golama duz dadyrylýar. Ýaş gelne  ilkinji gezek ýapanda ýaşy bir çene ýeten döwletli, sylagly aýal ýardam berse, şol gelin döwletli aýala meňzeýär diýilip yrym edilipdir. Una hamyrmaýa garylyp hamyr edilýär, hamyr edilende gowy ýugrymy ýetirilýär we hamyr demini alýança gowy edip basyrylýar. Hamyr mazaly alanyndan soň tamdyra ot goýberilýär. Tamdyra çörek ýapmak üçin ot goýberenlerinde arka ody, ýüz ody diýilýär. Arka ody üçin ownuk-uşak odunlardan syryp tamdyra guýulýar, ýüz ody üçin bolsa guran tut çybyklary, gowaça, gyrkylan üzüm çybyklary ulanylýar. Tamdyryň körüklerini açyp ilki salan çöp-çalamlary otlap tutaşdyrylýar körüklerden bolsa şemal çekip ot tutaşýar  we oduň tüssesini daşyna çykarýar. Ot tutaşandan soň tut, gowaça çybyklar salynýar şeýlelikde ody howlukmak ilki ýüz ody üçin salynan odunlary ot dörülýän kesewi bilen dörüp durmaly we çybyklardan tä tamdyr gowy agarýança odun salmaly, tamdyr mazaly agarandan soň ody orta üýşürip körükleri ýapmaly we ody howry güýçli bolany üçin suw sepelemeli. Şeýle-de «oduňy aýama, çöregi söýeme» hem diýilýär. Çörek bişirip durkaň ilki «ak suwy» çöregiň ýüzi gaýzykmazlyk üçin berilýär çalarak gyzaryp başlanda, «gyzyl suwy» berilýär. «Gyzyl suwy» çöregiň lowurdap durmagy üçin tamdyryň içinde soňky gezek berilýän suwdyr. Soňra bolsa çöregi goparyp suw sepelemeli. Tamdyrda çörek ýapylanda çagalar üçin çaga paýy diýip, kiçijik kökejik edilipdir. Şeýle hem «Nany kökesiz bişirseň, öýde çaga örňemez» diýen yrym bar. Şonuň üçin hem her gezek tamdyra çörek ýapylanda kökejik ýasalyp ýapylyp, maşgalada çaga örňemegi dileg edilipdir. Çörek bişirlip bolandan soň, tamdyr suwy oda sepilip soňra kybla tarap, aýak basylmajak ýere sepilýär. Hödür-keremiň keramatdygyna düşünýän halkymyz tamdyrdan ilki çykan çöregi ,«öýüň rysgy» hasaplapdyr. Çörek bişende şol wagt biri tamdyra golaý goltum ýerden geçip barýan bolsa çörek bişirýän ene hökman tamdyr paý hökmünde oňa çörek hödürläpdir. Bu hormat «türkmen öýündäki duzda her kişiniň paýy bar» diýen düşünjäni aňladypdyr.

       Asyrlaryň dowamynda medeni mirasymyzy, milli sungatymyzy, medeniýetimizi gözüniň göreji ýaly gorap, asyllylygyň nusgasy bolan ýörelgelerimizi nesillere miras goýan pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň ýörän ýoly her birimiz üçin mukaddes mekdepdir.

Ogulbagt AMANGELDIÝEWA,

Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY