Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleriniň netijesinde ata Watanymyz häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan,dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde uly tejribe toplan,halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolup, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň çäklerinde bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan welosiped sportuny ösdürmek we sportuň bu görnüşine raýatlarymyzy köpçülikleýin çekmek babatdaky asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda ony dolandyrmak aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär» diýip, juda jaýdar belleýär. Biziň asuda ýurdumyzda hem, welosiped sportunyň giň gerim almagy parahatçylygyň ilçisi bolan sporta, sagdyn ýaşaýşa we ekologik abadançylyga çagyrýar.
Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. 2022-nji ýylda 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. 2018-nji ýylda merjen şäherimizde «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped sürmek boýunça iň köp sanly watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda okuw sapagynyň geçirilmegi, 2019-njy ýylda bolsa, 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişi geçirilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi we paýtagtymyzyň görnükli ýerinde – Köpetdagyň eteginde «Welosiped» binasynyň açylmagy asuda ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda her ýyl dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini özünde jemleýän 3-nji iýun Bütindünýä welosiped gününde köpçülikleýin welosipedli ýörüşleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belläp geçýär: «Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar»
Watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralýan welosipedli ýörişleriň ynsan saglygyna örän täsirlidigini aýratyn nygtamak gerek. Çünki, welosiped ýöne bir hereket etmegiň serişdesi däl, ol syratly beden gurluşyny emele getirmäge, saglygy berkitmäge, şähdiňi açmaga ýardam edýän we adama oňaýly täsir edýän köptaraplaýyn ulagdyr. Welosiped adamyň saglygyna toplumlaýyn täsirini ýetirýär. Welosiped sürmegiň netijesinde gan aýlanyş gowulanýar, bogunlar zerur bolan türgenleşigi alýar, göwräniň, eldir egin böleginiň myşsalary berkeýär. Çagalar bilen welosipedde gezelenç etmek tertip-düzgüni ýola goýmaga we çaga sagdyn durmuş ýörelgesiniň wajyplygyny düşündirmäge kömek edýär, bu bolsa ösüp barýan nesil üçin örän möhümdir.
Goý güneşli Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.