Şahyr aýtmyşlaýyn, «Ýaşlyk bir bahardyr». Baharda tebigatyň al-elwan güllere beslenip owadan bolşy ýaly, ýaşlyk hem özüniň nowjuwanlygy bilen owadan bolýar. Ýaşlarymyzyň owadan ýaşaýşy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda nowjuwan bahar kimin gül-gülzarlyga beslenýär. Biz muny okamak, öwrenmek, ylym-bilimiňi artdyrmak, yhlasly zähmet çekmek üçin döwletimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden, amatly şertlerinden aýdyň görýäris. Çünki ýaşlar döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda iňňän möhüm orunda goýulýar. Döwletimiziň geljekde ýaş ýolbaşçylary taýýarlamak we syýasy-jemgyýetçilik işine giňden çekmek strategiýasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi biz ýaşlarda aýratyn buýsanç döretdi. Munuň özi, berk binýatly döwletimiziň geljegini ýaşlarda görýändigini aýdyň subut etdi. Kanunyň dünýä tejribesinden ugur alnyp taýýarlanylmaga üns berilmegi ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion jemgyýete giňden goşulmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleriň döredilmegini ugur edinýändigini aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlar bilen her bir duşuşygynda ýaşlara öwüt-nesihat edip, taryhy şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebine eýerýän, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanyp, geljege belent maksatlar bilen öňe barýan ýaşlaryň kemala gelmeginiň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudygyna ünsi çekýär. Ýaşlaryň ylmyň soňky gazanan sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagynyň, olara döwrebap bilim berilmeginiň üpjün edilmeginiň, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleriň döredilmeginiň, dürli taslamalarda ýaşlaryň pikir-garaýyşlarynyň goldanylmagynyň, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde ýaşlaryň ornunyň pugtalandyrylmagynyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda mynasyp orun eýelemegi bu ugurda geljek üçin anyk maksatlaryň we wezipeleriň aýdyň beýany bolup durýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşi hem etrabyň çägindäki ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan dürli mazmundaky duşuşyklary yzygiderli geçirip gelýär. Geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyza zähmetde üstünlige ýeten il sylagly zähmet weteranlarynyň hem gatnaşmagy, öz durmuş tejribelerini paýlaşmagy, ömrüni dürli ulgamlarda halal zähmete baglan, durmuşyň hözirini görüp ýaşan adamlaryň pikir-garaýyşlary ýaşlarda zähmete söýgini has-da ösdürýär. Hususan-da, etrap aragatnaşyk bölüminde, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda, etrabyň orta mekdeplerinde, etrap medeniýet bölüminde, sport mekdeplerinde yzygiderli maslahatlar geçirilýär. Ýaşlaryň çärelere işjeň gatnaşyp, özleriniň pikir-garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etmegi, ylaýta-da, giň dünýagaraýyşly, watansöýüji, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň we amatlyklaryň ýurdumyzda döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşlary olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Biz – ýaşlar Watanymyzyň okgunly ösüşini, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýaşlar syýasatyny mundan beýläk-de dabaralandyrarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýa ÇOWDUROWA,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.