GYZYKLY MAGLUMATLAR

*Bambuk agajy 24 sagadyň dowamynda 3 metre çenli ösüp bilýär.

*Amerikaly meşhur dramaturg William Şekspir bilen ispaniýaly ýazyjy Migel de Serwantes 1616-njy ýylyň 23-nji aprelinde bir günde aradan çykypdyrlar.

*Şekspiriň döwründe zenan aktrisalar bolmandyr, diňe erkek artistler bolupdyr.

*Dünýäde iň kiçi ýurt hasaplanýan Watikan döwletinde 1983-nji ýylda bir çaga hem dünýä inmändir.

*Ýer ýüzünde çagalaryň söýgüsini gazanan Uolt Disneý şerekediniň eýesi multfilmdäki Mikki Mouse atly personaža ilkinji gezek özi ses beripdir.

*Her ýylda dünýäde 567 milliard towuk ýumurtgasy iýilýär.

*Aç möjek 10 kg. et iýýär, ýöne onuň gündelik iýmiti üçin 2 kg ýeterlik.

*Adam, ömrüniň dowamynda 40 tonna dürli azyk önümlerini iýýär.

*Bary-ýogy bir damja nebit 25 litr suwy içmäge ýaramsyz edýär.

*Hytaý diwaryny gurmaklyk 1.700 ýyl dowam edipdir.

*Aleksandr Makedonskiý öz goşunyndaky 30 000 esgerini ýüzünden tanapdyr.

*Ortaça bir aýsbergiň agramy 20 million tonna barabardyr.

*Adamyň ýüregi bir ýylda ortaça 36 800 000 gezek urýar.

*Eýfel diňiniň jemi 1.792 basgançagy bar.

*Bir balarysy bir kilo bal ýygnamak üçin 2 million gülden nektar ýygnaýar.

*Kagyzy 7 gezekden köp 2 eplemek asla mümkin däl.

*Dünýäniň iň uly we iň yssy çöli hasaplanýan Sahara çölünde bir gezek, ýagny 1879-njy ýylyň 18-nji fewralynda gar ýagypdyr.

*Bir senenama aýynyň dowamlylygy 30 gije-gündiz 10 sagat 29 minut 4 sekunda barabardyr.

 

Toplan: Gözel KUŞMEKOWA,

TMÝG-niň Köneürgenç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar