GUKA
Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby aşpezçilik sungatynyň inçe syrlary barada gürrüň berýär. Her pasyla görä geýnilişi ýaly, her paslyň özüne mahsus naharlary bolýar. Mäşewe, jöwen kürtik, kädili manty, unaş gyş paslynyň ýörgünli milli naharlarynyň hatarynda durýar. Gyşda iýilýän naharlaryň biri-de gukadyr. Ol esasan, Daşoguz welaýatynyň çetki künjeklerinde bişirilýär. Semiz goýnuň derisi ütülip, çirkizilip, ýuwup arassalanyp, sowadyja salnyp goýulýar. Ujundan kesip alyp, islendik nahara goşup, iýip bolýar. Gadym döwürlerde ene-mamalarymyz sowadyjy bolmansoň, gukany gyşyna kak görnüşinde asyp goýupdyrlar. Onuň tagamy üýtgeşik we özüne çekiji bolýar.
MAJUN
Türkmen halky milli naharlara baý halk. Her naharyň özboluşly aýratynlygy bar. Şol aýratyn naharlaryň biri hem majundyr. Aýratyn diýilmeginiň sebäbi, bu nahar ajy hem süýji tagamy özünde jemleýär. Majuny bişirmek üçin bir sany ullakan towugy bölmän, arassalap, taýýarlap gazana atmaly. Üstüne süýt guýmaly. Nabat goşmaly. Gyzyl ajy burçy hem goşup, mazaly gaýnatmaly. Towuk eräp bişensoň, içindäki süňküni aýryp, goýalýança ýene-de gaýnatmaly. Iýeniňde, edil birbada gulagyňdan tüsse çykaýjak ýaly bolýar. Süýjüliginden ýaňa, ýene iýdigiňçe, iýesiň gelip dur. Bu tagam esasan, çörek hurş hökmünde bişirilýär.
Altyn HOJAMOWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
pensiýa gaznasy bölüminiň işgäri,