Abadançylygyň we binagärçilik-çeperçilik bezeginiň möhüm bölegi şäherleriň, şäherçeleriň we beýleki ilatly ýerleriň bagy-bossanlyga öwrülmegidir. Pürlüler baglary ekip ýetişdirmekde ulanylýan dürli ösümlikleriň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Pürlüler hemişe gök öwüsýänleriň hatarynda durup, ýylboýy özleriniň gelşigini ýitirmeýärler.
Pürlüleriň sanitariýa-gigiýena ähmiýeti hem uludyr. Olar ýyl boýy howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, köçe güwwüldisini ýuwaşadýar, howanyň gyzgynlyk derejesini peseldýär, pürlerinden bölünip çykýan efir ýaglary bolsa, howamyza hoşboý ys berýär. Pürli ösümlikler ýapraklylara garanyňda, howany tozandan has gowy arassalaýar. Olar has güýçli fitonsid häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Pürlüleriň efir ýagy bilen belli bir derejede doýgunlaşmagy dem alyş agzalaryna oňaýly täsir edýär, öýkeni janlandyrýar, adamyň bedenini gurplandyrýar. Ýerli şertlere has durnuklylaryna eldar sosnasy, türkmen arçasy, arizona, hemişe gök öwüsýän serwi, gündogar tuýasy we beýlekiler degişlidir. Agzalyp geçilen häsiýetleriň ählisi ekilip ýetişdirilýän agaçlaryň arasynda esasy orny pürlülere berýär.
Pürli agaçlaryň wekilleriniň biri bolan serwi agajy – ýaýraň, piramida görnüşli hem-de gabaralydyr. Serwiler bu maşgalanyň hemişe gök öwüsýän gyrymsylarynyň we agaçlarynyň urugyndandyr. Serwiler seýilgählerde, baglarda gök germew hökmünde we bezeg üçin ekilýän pürli ösümlikleriň iň meşhurydyr.
Leýla MATMURADOWA,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.