AJAÝYP TEBIGATYMYZY GORALYŇ!

     Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek – hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar, bu bolsa, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

     Tebigat adam üçin nämäni aňladýar ? Bu biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir. Çünki adam tebigy şertlerden – nebitden, gazdan, minerallardan we beýleki durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär, jaý gurýar.

     Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy Konwensiýalaryny tassyklady. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy amala aşyrylýar.

     Daşky gurşawy goramak ählumumy meseledir. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurduň öz gezeginde, her bir raýatyň öz gezeginde daşky gurşawa mähirli garamagydyr, goramagydyr.

     Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys, döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Jeren GUBYŞEWA,

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 1030 okalan

HINDISTANYŇ GÜLLER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

26 Sentýabr 2024 | 983 okalan

ÝOL ASUDALYGY – IL ABATLYGY