Adam biosferanyň bölegidir, onuň ýaşaýşy biosferanyň gorlaryna bütinleý baglydyr. Şonuň üçin biosferanyň gorap saklanylmagy adamzadyň wajyp meselesi bolup durýar. M.H.Žulýeniň aýtmagyna görä, «Tebigatyň goragy – bu adamyň özüniň goragydyr». Professor J.Ber: «Biziň günlerimizde ekologiýanyň ýerde bolup geçýän hadysalar baradaky ylym hökmünde adam üçin örän zerurdygyny, diňe onuň kömegi bilen adamyň kadaly ýagdaýda iýmitlenip, öz kesellerine düşünip we özüniň fiziki sag-salamatlygyny kämilleşdirip biljekdigini köplenç unudýarlar. Adamzadyň geljegi diňe ýer bilen baglanyşyklydyr» diýip ýazypdyr.
Ýer togalagynyň ilatynyň ýokary depgin bilen ösmegi tebigy gorlaryň çalt azalmagyny we onuň bilen baglanyşykly daşky gurşawyň ýagdaýynyň ägirt uly üýtgeşmelerini esaslandyrýar. Adamyň biosfera edýän täsiri ösümlikleriň örän köp görnüşleriniň ýitip gitmegine ýa-da seýrek bolmagyna getirdi. Şonuň üçin, häzirki wagtda botanik alymlaryň iň wajyp meseleleri ösümlikleriň gymmatbaha bezeg, derman, ýerli howa şertlerine çydamly görnüşleriniň dürlüligini baýlaşdyrmak maksady bilen, ýitip barýan agaç – gyrymsy görnüşleri we gülli ösümlikleri goramak we introduksiýasyny geçirmek, seýilgähleri hem-de gök zolaklary döretmek bolup durýar. Türkmenistanda bu işe aýratyn üns berilýär, sebäbi epgekli, çäge tupanly, göni gün radiasiýaly, tomusky ýokary temperaturaly we örän pes howa çyglylygy bolan gurak zolakda ösümlikleriň ekilmeginiň orny örän uludyr. Olar mikroklimat döredip, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýşy we zähmeti üçin oňaýly şertleri üpjün edýärler.
Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.