ÝAŞ ZEHINLERIŇ DÖREDIJILIGI

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

     Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen bu döredijilik bäsleşiginiň sylaglanyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Munuň özi röwşen geljegimiziň eýeleri baradaky aladalaryň döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

     Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşdy we şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, 21-si bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan we oňa gatnaşan ähli çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

     Ýurdumyzyň mizemez binýadyny halallykdan, agzybirlikden we tutanýerli yhlasdan guran Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri ýaş nesiller babatda nusgalykdyr.

     Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen jümlelerinden hem-de Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyndan ruhlanyp, çagalarda watançylyk duýgusyny ösdürmek, döredijilik bilen meşgullanmaga, sungata, surat çekmäge höwes döretmek, olaryň özbaşdak döredijilik ukyplaryny goldamak, bilesigelijiligini, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze, ýaşajyk zehinleri ýüze çykarmaga uly itergi berdi.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň durmuş daragtynyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi hem-de ata-babalarymyzyň pähim-parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmekde döreden kämil ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny döwlet syýasatynyň derejesine çykarmakda we ony durmuşa geçirmekde alyp barýan beýik işleri gyzgyn mähir bilen gurşalyp alnan çagalaryň bagtyýarlygyny has-da goşalandyrýar.

     Umuman, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

 

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY