SÖZ — ÝEŇIJILERDEN

Ogulşat AHALLYÝEWA,

Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy:

     — Men surat çekmegi gowy görýärin. Bäsleşikde «Milli baýramçylyklar» atly çeken suratym bilen 1-nji orna mynasyp boldum. Bu suratymy iki dürli, gara galamda we akwarelde çekdim. Men ýene-de gowy suratlary çekip, bäsleşiklere gatnaşaryn. Şu bäsleşikde ýeňiji bolanym üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.


 

Hudaýnazar ANNAGULYÝEW,

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynyň körpesi:

     — Surat çekmek boýunça bäsleşikde 3-nji orny eýeledim. Ýeňiji bolanyma enemem, ejem-kakamam begendi. Çeken suratymyň ady «Bagtyýar körpe». Gatnaýan çagalar bagymda mugallymlarym okamagy, ýazmagy, surat çekmegi öwredýärler. Men suraty reňkli galamlarda çekmegi gowy görýärin. Ýeňiji bolanymyz üçin bize Aşgabatda sowgat gowşurdylar. Men ýene-de gowy suratlary çekerin. Jigilerim Gülkamar bilen Kemalnazara-da öwrederin.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY