Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak we dikeltmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç etraby hem geçmişde Demirgazyk Horezmiň gadymy paýtagty bolup, biziň eýýamymyzyň I asyrynda döreýär. VIII asyryň ortalarynda araplar tarapyndan basylyp alynýar, 995-nji ýylda Gürgenç diýlip täze at berilýär we Horezm şalarynyň rezidensiýasyna öwrülýär. Ol orta asyrlaryň iri medeni we söwda merkezi bolupdyr. Beýik ensiklopediýaçy Abu Reýhan Muhammet ibn-Ahmet al Biruny (973 – 1050-nji ýyllar) we Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur bolan tebigaty öwreniji, ajaýyp lukman we pelsepeçi Abu Ali ibn Sina (980 – 1037-nji ýyllar) bu şäheriň buýsanjyna öwrülendir. Köneürgenç birnäçe gezek ýykylýar – 1221-nji ýylda Çingiz hanyň ýolbaşçylygy astyndaky mongol-tatar ordasy we 1338-nji ýylda Teýmirleňiň goşuny tarapyndan düýpli berbatçylyga sezewar edilýär. Şoňa görä-de, Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň aglabasy biziň günlerimize düýpli zeper ýeten ýagdaýynda gelip ýetdi. Emma muňa garamazdan, Törebeg Hanymyň (XIV asyr), Soltan Tekeşiň (XII asyr), Il Arslanyň (XII asyr) mawzoleýleri, Gutlug Timuryň minarasy (XI-XIV asyrlar) we beýleki saklanyp galan ýadygärlikler bu günki günem görenleri haýrana galdyrýar. Köneürgenç dünýäniň ähli künjeginden gelýän syýahatçylary diňe bir arhitektura ýadygärlikleri – öz döwrüniň iň belent desgasy bolan, beýikligi 60 metre barabar gadymy minarasy ýaly ajaýyp ymaratlary bilen özüne çekýän taryhy ýadygärlikleriň toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem musulman dünýäsiniň köpçülikleýin zyýarat merkezine öwrülen keramatly toprakdyr. Köneürgenjiň beýik şahsyýetleri halkyň hakydasyndan öçmän, olaryň ýadygärlikleri bu keramatly şäherde dürli döwürlerde bina edilen aramgähleriň gaýtalanmajak arhitektura keşbinde sungat eseri hökmünde saklanyp galypdyr.
Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.