Gözelligi we özboluşly binagärlik gurluşy bilen dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döreden, abraýly «Ginnesiň bütindünýä kitabyndan» orun alan Aşgabat bu günki gün asudalygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň paýtagty hökmünde tanalýar. Bu ýerde halkara forumlar, festiwallar yzygiderli geçirilip durulýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, milli äheňde döwrebaplaşýan paýtagtymyz Aşgabat özüniň nurana keşbi bilen her bir adamda ýakymly täsirleri galdyrýar. Gözellik ynsana ylham berýän bolsa, ruhubelentlik eçilýän bolsa, onda şol gözellik mermer paýtagtymyzda bar we bu biziň ählimizde buýsanç döredýär, ruhubelentlik paýlaýar. Şunlukda, Aşgabat – gözelligiň, döredijiligiň, ýaşlygyň we söýgüniň şäheridir, dünýä parahatçylyk paýlaýan paýtagtdyr. Şeýle şäherde ýaşamak, bilim almak we döretmek uly bagtdyr. Hut özümiň hem, talyplyk durmuşynyň gaýtalanmajak ýakymly ýatlamalarymyň gözel Aşgabadymyz bilen baglanyşyklydygyna guwanýaryn.
Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatymyzda öňe sürýän baş milli ugry – bitaraplyk ýörelgelerimize ygrarly bolmagyň hatyrasyna adamzadyň abadan ýaşaýşy we ählumumy howpsuzlygy bolup durýar. Päk niýetler syýasy nukdaýnazardan aýdyň başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Aşgabat şeýle başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň aýdyň ýolunda nusgalyk şäherdir. Şonuň üçin bolsa gerek, bu ýerde ählihalk çäreleri, halkara derejesindäki festiwallary, sergileri, duşuşyklary, netijeli diplomatiki gepleşikleri we halkara maslahatlary geçirmek asylly syýasy endige öwrülýär.
Ak mermer paýtagtymyz Aşgabadyň nusgalyk häsiýeti aýratyn simwoliki mana eýedir. Şeýle häsiýetnama berilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hakykatdan hem, Aşgabat birek-birege mähirli gatnaşyklaryň, dostlugyň, söýgüniň, ählumumy howpsuzlygyň we asudalygyň şäheri. Ol asylly däpleri dowam etmegiň beýany bolan şähere hem öwrüldi. Şeýle görkezijiler gönüden-göni bütin ynsanyýetiň öňünde goýlan ählumumy maksatlara doly laýyk gelýär. Bu bolsa, Aşgabadyň dünýä nusgalyk şäherdigini alamatlandyrýan subutnama bolup durýar.
Özgerýän we gülläp ösýän Diýarymyzda ak mermer paýtagtymyzyň hem möhüm orna eýedigi aýratyn bellärliklidir. Şeýle sahawatly işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary ýatyr. Abadan ýurtda ýaşamaga, döretmäge, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýan bagtyýarlyk şuglasy üçin her bir raýatyň hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary ýüreklerde mukam bolup ýaňlanýar.
Serwi AMANOWA,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň hünärmeni.