Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösýär, özgerýär. Ýurdumyz belent derejeleri nazarlap, halkymyz agzybir ýaşaýyşda, erkana durmuşda ömür sürýär. Bu gün ajaýyp türkmen ülkesi jennetiň bir parçasyna meňzeýär.
Ýaşaýyş tebigat bilen dowam edýär. Tebigatyň özi ullakan bir dünýä bolup adamlary, haýwanlary, ösümlikleri we mikroorganizmleri öz içine alýan dünýä. Ynsan balasy bolan adam şol çylşyrymly dünýäniň bir bölegidir. Adamzat şol tebigatsyz asla oňup bilmeýär.
Halk döredijiligine aralaşsaň, ata-babalarymyzyň näderejede öz nesillerini terbiýeländigine göz ýetirýärsiň. Adamzadyň dowamaty biziň perişde ýaly päk, arassa çagalarymyzdyr. Olar geljekde ýurdy, döwleti, dünýäni dolandyrmaly adamlardyr. Çaga terbiýesi ýönekeý hem-de iň bir jogapkärli işleriň biridir. Ata-babalarymyz geçmişde çagasyna gowy edep-terbiýe bermegi, ol ulalanda halkyna, garran çagy özüne seretmegi üçin ertekiler, her dürli hekaýatlar, tymsallar arkaly öwran–öwran gaýtalap öwredipdirler, olaryň ýatkeşligini berkidipdirler. Ýaşajyk çagalara dil bitensoň, olara sanawaçlary sanadypdyrlar. Meselem: «Bir, iki, üç – käşir, sogan, burç» diýen ýaly ýönekeýje sanawaçlar çaganyň dillije bolmagyna ýardam edipdir. Şol bir wagtyň özünde hem tebigy hadysalar, tebigat, haýwanat dünýäsi, il-ýurt, geografiýa, astronomiýa, taryh, hakyda barada hem-de adam gatnaşyklary hakynda baý düşünjeleri giňişleýin, ýerlikli ýaş nesliň aňyna siňdiripdirler. Çaga terbiýesi, nesil aladasy öz içine köp zatlary jemleýär. Sanawaçlardan başga-da, matallaram bu ugurda esasy kömekçi bolupdyr. Matallar çagalaryň pikirleniş, oýlanyş duýgularyny ösdürmekde, işeňňirleşdirmekde, olaryň akyl-paýhasyny synamakda möhüm rol oýnapdyr.
Umuman, matallaram many-mazmun taýdan çäksizdir. Olar jemgyýetçilik durmuşy bilen hereket edýärler, öz orunlaryny çalşyryp durýarlar.
Halkymyz geçmişde hem tebigat bilen sazlaşykly ýaşapdyr. Ata-babalarymyz ýaşaýşyny tebigata garşylyk görkezmek, onuň garşysyna çykmak usulynda däl-de, tebigat bilen sazlaşyk esasynda gurnapdyr.
Oguljahan BABAÝEWA,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.