Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzyň gözel künjeklerindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi hem welaýatymyzyň dürli ýerlerinden bagtyýar çagalary garşylar.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny manyly we gyzykly geçirmeklerini gazanmak ugrundaky tagallalaryň çäginde «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesli kabul etmek üçin ähli taýýarlyk işleri talabalaýyk alnyp baryldy. Möwsümiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesine welaýat häkimligine degişli bolan bu çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde şadyýan dynç alyş garaşýar. Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde aýdym-sazly çykyşlar astynda dabaraly garşylanar.
Möwsümiň dowamynda merkezde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden geljek çagalar birnäçe tapgyrda şadyýan dynç alyp, saglygyny berkider. Mekdep okuwçylary üçin guraljak çäreleriň her biriniň ýatda galyjy bolmagy ugrunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri hem tagallalaryny gaýgyrmaz. Biz hem çagalaryň arasynda gyzykly we manyly çäreleri guramagy meýilleşdirýäris.
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.