Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 30-njy çagalar bagynda «Bagtyýar çagalygyň mekany» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabara körpe nesliň wekilleri egsilmez şatlyk bilen gatnaşdy.
Dabarada şanly sene mynasybetli gutlag sözleri aýdylyp, gözel Diýarymyzda çagalar hakda edilýän aladalar barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymdyr goşgulary bilen dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdiler. Joşguna beslenen şol çykyşlarda ýaş nesliň beýik döwrümize bolan buýsanjy aýdyň ýüze çykdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çärelerine baý öwüşgin goşan bu dabaranyň ahyrynda körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa, bagtyýar çagalaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.