Ýakynda şeýle at bilen Ahal welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Saglygy goraýyş we Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bilelikdäki ýyllyk meýilnama esasynda geçirilen duşuşyga edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdylar.
Ýaşlaryň arasynda halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini we edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksadyndan ugur alan duşuşygyň barşynda täsirli çykyşlar boldy. Çykyş edenler täze taryhy döwrümizde ýaşlar syýasaty hakdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň türkmen jemgyýetinde ýaşlara uly orun berilýändiginiň, döwletimizde ýaşlar barada uly alada edilýändiginiň alamatydygyny guwanç bilen nygtadylar.
Täsirli geçen duşuşygyň barşynda maşgala mukaddesligi, ahlak arassalygy, edep-terbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly gürrüňlere hem üns çekilip, şonuň bilen baglanyşykly ýaşlara gymmatly öwütler aýdyldy. Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň röwşen geljegi hakda alada edýän, halkymyzy baky bagtyýarlyga alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Annamuhammet GULOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.