Şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki «Buýsanç» çagalar medeni-dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.
Welaýatyň ähli ýerlerinde bagtyýar çagalaryň gatnaşmagynda bolan dabara şatlyk-şowhuna, egsilmez ruhubelentlige beslendi. Çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda asuda asmanymyzyň, parahat durmuşymyzyň, eziz Diýarymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, bagtyýar çagalygyň waspy belentden ýetirildi. Joşgunly çykyşlar astynda bagtdan paýly çagalar ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, ýaşajyk suratkeşleriň işleriniň sergisini synlamaga mümkinçilik aldylar.
Toý güni seýilgäh çagalaryň hyzmatynda boldy. Çagalar ýokary derejede enjamlaşdyrylan dürli sallançaklaryň, oýun meýdançalarynyň, şeýle-de oýun oýnalýan awtomatlaşdyrylan enjamlar binasyndaky mümkinçiliklerden giňden peýdalandylar. Dabara gatnaşan bagtyýar çagalaryň ählisine welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan buzgaýmagyň paýlanmagy olaryň keýpiçaglygyny goşalandyrdy.
Güljemal ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.