Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalar Institutynyň mejlisler jaýynda talyplaryň gatnaşmagynda «Aşgabat-dizaýn şäherim» ady bilen wagyz-nesihat we maslahat duşuşygy geçirildi. Çäre Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» boýunça resmi taýdan goşulmagyny wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Hakykatdan-da bina edilýän desgalar ak mermerli paýtagtymyzyň gaýtalanmajak gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýar. Geçen asyrlarda hem biziň ata-babalarymyzyň binagärlik sungatyna, tebigatyň baýlaşdyrylmagyna örän uly üns berendigini biz taryhdan bilýäris. Gadymy rowaýatlardan başga-da, biziň döwrümize gelip ýeten ýadygärlikleriň haýran galdyryjy milli öwüşginleri, özboluşly binagärlik aýratynlyklary dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Şoňa görä-de, dünýäniň bilermenleri, jahankeşdeler ýurdumyza ýörite syýahata gelip, biziň ata-babalarymyzyň gurduran täsin binalaryny, türkmen tebigatynyň özboluşly aýratynlyklaryny haýran galyp synlaýarlar we öwrenýärler. Biziň öňümizde bagtly geljege uzaýan ýollar açylýar. Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Her bir täze ýylymyz şanly wakalara baý bolup taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Çärede asuda we abadan durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.