Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hem-de Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabadyň dokma toplumynyň kiçi mejlisler jaýynda şol toplumda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede edep-terbiýe barada, şeýle hem halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary dogrusynda baý mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler dokma senagatynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridigini, döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw bilen bu pudagyň ýokary depginde ösýändigi barada uly buýsanç bilen bellediler. Çärä gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna köp sagbolsun aýdyp, mundan beýläkde tutanýerli zähmetleri bilen pudagyň işiniň barha ilerlemegi üçin goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Uzukjemal GARAGULYÝEWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.